Buhgalterçilik Hyzmatlary

SSÝU boýunça işleýän Telekeçilere

Salgyt Kodeksi we Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky kanuna laýyklykda salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy boýunça işleýän telekeçiler üçin hyzmatlar.

Bukja A1

Doly Oka
SSÝU boýunça işleýän HK we HJ

Salgyt Kodeksi we Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky kanuna laýyklykda salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy(SSÝU) boýunça işleýän HK-lary we HJ-leri üçin

Doly Oka
Jemgyýetçilik Guramalary üçin

Bukja F1 – Aýlyk hasabatlaryny taýynlamak (berlen maglumatlara görä)

  • Fiziki şagyslaryň(işgärleriň) girdeji salgydy barada maglumat
  • Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy barada hasabat we beýannama taýynlamak
  • GBS boýunça

    Doly Oka

Türkmenistanda maliýe we salgyt hasaba alşynyň esasy görkezijileri

Her ykdysady subýektiň hojalyk işinde faklara bagly ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumat döreýär we hojalyk hasabatlylygy ulgamynda geçýär.

Hojalyk hasabatlylygy – bu, önümçilik işiniň, ýerine ýetirlen işiň, edilen hyzmatyň ýokary hilli häsiýetnamalarynyň sanda görkezilýän ulgamydyr.

H A

Internet-tehnologiýalary buhgalterçilik hyzmatlaryny aňsat we elýeter etdi.

“Dogry Hasabat” kompaniýasy hyzmatyň täze görnüşini hödürleýär. Işine ökde buhgalterleriň we maslahatçylaryň hyzmatyndan ýurduň ähli kärhanalary we telekecileri peýdalanyp bilerler. Islendik wagtda we ýurduň hem-de dünýäniň islendik nokadyndan hasabatyňyzy taýynlap ýa-da maslahat alyp bolýar.

Wirtual torunyň işjeň ulanylmagy size buhgalteriýa hyzmatynyň bahasyny birnäçe esse kemeltmäge mümkinçilik berýär. Internet işiň gerimini giňeltdi, ulgamyň takyklygy bolsa hyzmatyň işjeňligini üpjün edýär.

“Dogry Hasabat” hojalyk jemgyýeti Siziň maliýe we salgyt hasabatyňzy ýöretmek üçin çykarýan çykdajylaryňyzy 70%-göterime çenli tygşytlamagy hödürleýär.

Müşderi öňki bilen deňeşdirilende uly bolmadyk tölege öz edarasyndan çykman tejribeli hünärmeniň doly bahaly kömegini alýar. Ýokary hünärli hünärmenler Siziň buhgalteriňiz bolýar, sizden bolsa kän çykdajy çykmaýar!

Ýokary hilli buhgalteriýa hyzmatlary Turkmenistanda elýeterli bolup biler!

Dünýädäki ähli kiçi we orta telekeçilik üçin çykdajylary götermek kyn düşýär, ýagny islendik goşmaça çykdajy agyr ýük bolup durýar. Telekeçilik işini ýüz müňlerçe maýa goýumy bilen gurýan telekeçiler azdyr.

Köp telekeçiler we kärhanalar üçin her aýda buhgalteriýa autsorsing hyzmatlaryna tölenýän 500-1000 manat uly pul bolup durýar. Eger-de aýlyk, zerury pensiýa ätiýaçlandyrmasy, iş ýer hem-de kompýuter we programma üpjünçiligi bilen üpjün edilmeli hemişelik buhgalteri almaklyk barada söz açylsa – köpler üçin maddy kynçylyk bolup durýar.

Biziň internet-buhgalteriýamyzy guramak hem gerek däl. Ol (gmail ýa-da mail.ru görnüşinde) dünýäniň islendik künjünden brauzer üsti bilen elýeterlidir. Telekeçi ýurduň içinde bolmasada özüniň işi, Türkmenistandaky ätiýajy barada buhgalteriýa maglumatyny alyp we Türkmenistanyň Salgyt Gullugy, statistika edaralary we häkimlikleriň maliýe bölümleri üçin hasabat taýynlap biler. Size diňe saýtyň üsti bilen biziň hünärmenlerimize hojalyk işleriňiz baradaky maglumaty ibermek galýar.

Hyzmadyň Tölegini Özüňiz Hasaplaň

0
Hyzmatlaryň Aýlyk Bolup Biljek Bahasy:
 
Hyzmatlaryň Aýlyk Bolup Biljek Bahasy:
 

Biziň hyzmatlarymyz toplumlaýyn we bölekleýin autsorsingde hödürlenýär.

Buhgalteriýa hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin biziň Kompaniýamyza diňe tejribeli hünärmenller alynýar. Siz şu aşakdakylar barada ynamly bolup bilersiňiz:

  • bilim derejesine
  • tejribäniň barlygyna
  • iş abraýyna
  • Siziň telekeçiligiňiz baradaky maglumaty gizlin saklamaklyk ukybyna.

Kärhanamyzyň topary diňe bir buhgalteriýa hyzmatlaryny hödürlemek bilen çäklenmän, siz üçin oňaýly telekeçilik şertlerini hem döredýär.

Müşderiniň maliýe we salgyt hasabatyndaky tertip-düzgün – biz üçin wezipe we abraý işi bolup durýar.

Buhgalteriýa hyzmatlaryny hödürlemek şu aşakdakylary göz öňünde tutýar:

  • doly we bölekleýin buhgalteriýa hyzmaty;
  • işgärler, salgyt, hojalyk hasabatyny ýöretmek;
  • statistiki hasabatlary taýynlamak (Döwlet statistika edaralary üçin);
  • işi wagtlaýynça saklanan kärhanalar we telekeçiler üçin hem hasabatyň düzülmegi;
  • salgyt maslahaty .

Zerur bolan ýagdaýda “Dogry Hasabat” hasabatyň dikeldilmegini hem gurnar, hojalyk hasabat ulgamyndaky aýratyn ýalňyşlyklary düzeder, şeýle hem resminamalaryň we maddy gymmatlyklaryň hereketiniň içki gözegçiligini üpjün eder.

Mundan başga-da, biz ýurtdaky kadalaşdyryjy-hukuk bazalarynda bolup geçýän özgerişleri yzarlaýarys. Biziň müşderi-hyzmatdaşlarymyz http://buhasap.com saýtymyz tarapyndan hödürlenýän öz, şahsy otagynda bolup geçen özgerişler barada habardar edilerler. Şol ýerde hem indiki tabşyrylmaly hasabatlar barada duýduryşlar bolar (salgyt senenamasy).

Türkmenistanyň telekeçileriniň we kärhanalarynyň wezipelerini ýeňilleşdirmek üçin gerek bolan ähli zerurlyklary nazarda tutmaklyga synanyşýarys!

Buhgalteriň hyzmatlary aralykda (uzakdan) hödürlenýär. Häzirki zaman çemeleşme, maglumaty gizlin saklamaklyk derejesini ep-esli ýokarlandyrýar.

Maglumata bolan ygtyýar diňe, şertnama gol çekilende müşderiniň makullan işgärinde bolýar.

HB “Dogry Hasabat” özüniň iş abraýy barada alada edýär. Buhgalteriýa hyzmatynyň hödürlenmegi Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Biziň işimiziň çäkleri – Siziň çykdajylaryňyzyň hereket çäklerinden ybarat!

Siz “Dogry Hasabata” ýüzlenmek bilen, professionalizme we oýlanyşykly çykdajylara bil baglaýaňyz!

Nähili Işleşip Bolar

  • 1

    Siz buhgalterçilik hyzmatlaryna ýazylýaňyz
  • 2

    Biziň hünärmenimiz Siz bilen aragatnaşyga geçer
  • 3

    Biz şertnama baglaşarys we Size biziň Internet-Buhgalteriýa ulgamymyza giriş berler
  • 4

    Siz gerekli maglumatlary ýa-da resminamalary berýäňiz
  • 5

    Siziň ykdysady we salgyt hasabatlaryňyz taýyn

JAŇ ZAKAZ ET

Jaň zakaz etmek bilen siz öz telefon belgiňizi bize berýäňiz. Siziň beren belgiňize hünärmenimiz günüň dowamynda jaň eder. Jaň zakaz etmek mugtdyr!

JAŇ ZAKAZ ET